Gadagan goýumlar

  1. Ýaraglar:
    • ok atýan, el bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýarag;
    • raýat we gulluk ýaragy;
    • ok-däriler (nyşanany urmak üçin niýetlenen we partlaýan, zyňyjy, pirotehniki ýa-da kakyp gaçyryjy zarýadlary özünde saklaýan ýa-da ýaraglanyşygyň ýa-da zyňylýan enjamyň närseleri ýa-da olaryň utgaşmagy), şol sanda ok;
    • ok atýan ýaraglaryň ätiýaçlyk bölekleri we olary toplamak üçin bölekler (ok atýan ýarag üçin ýörite niýetlenen we onuň işlemegi üçin zerur bolan islendik elementler ýa-da ätiýaçlyk şaýlary, şol sanda niller, korpuslar ýa-da nil gutulary, ýapgyçlar, barabanlar, ýapgyjyň osy ýa-da kazýonnikler, şeýle hem atylanda döreýän sesi azaltmak üçin niýetlenen ýa-da uýgunlaşdyrylan islendik enjamlar);
    • ýaýlar we sport arbaletleri (hyrly nilli ok atýan ýaraga oklar üçin taýýarlanan nili ýylmanak ok atýan ýarag, zyňylýan, nil agzynyň energiýasy 3 jouldan ýokary energiýaly pnewmatik ýaraglar);
    • zyňylýan, hyrly nillli ok atýan sport ýaragyny ýa-da nil agzynyň energiýasy 7,5 jouldan we kalibri 4,5 mm-den köp bolmadyk sport pnewmatik ýaraglar;
    • tygly sowuk ýaraglar;
    • gaz sapançalary we rewolwerleri;
    • duýduryjy ýarag (gurluş taýdan diňe yşyk, tüsse ýa-da ses duýduryşlaryny bermek üçin niýetlenen ýaraglar);
    • ok atyjy nilsiz ýarag;
    • elektroşok enjamlary we uçgun beriji razrýadlar;
    • gürzüler, kastetler, stiletler, surikenler, bumeranglar we sport snarýadlaryndan başga zarba urujy-owradyjy we zyňyş täsirli närseleri ýarag hökmünde peýdalanmak üçin gürzüler;
    • barmaklara ötürilýän sowuk ýaraglar we beýleki ýörite abzallar.
  2. Neşe serişdeler.
  3. Psihotrop maddalar.
  4. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň prekursorlary.
  5. Himiki gurluşy we häsiýeti babatda neşe serişdelerine, psihotrop maddalara meňzeş, şonuň ýaly psihoaktiw täsir edýän, Türkmenistanda gözegçilik edilmäge degişli neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň Sanawyna girizilmedik, Türkmenistanda dolanyşygy gadagan edilen sintetiki ýa-da tebigy maddalar.
  6. Köpçülikleýin gyryş serişdeleri:
    • ýadro materiallary;
    • radioaktiw materiallar;
    • güýçli täsir ediji materiallar;
    • zäherli materiallar;
    • iýiji materiallar;
    • partlaýjy we çalt ýanýan maddalar;
    • ýaryjy serişdeler;
    • pirotehniki maddalar we olaryň ulanylmagy bilen öndürilen önümler, närseler we zatlar.
  7. Daşky gurşawy hapalaýjy maddalar.
  8. Howply himiki we biologik maddalar.
  9. Ozon dargadyjy maddalar.
  10. Awular.
  11. Zäherli haýwanlar.
  12. maddalar.
  13. Zäherli ösümlikler we tohumlar.
  14. Pullar, gymmatly kagyzlar we metallar:
    • daşary ýurt pullary;
    • hasaplaşyklarda we töleglerde ulanylmagy üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga göýberilýän Türkmenistanyň puly (ýubileý, ýatlama we numizmatik şaýy pullary, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen rugsat haty bolan ýagdaýynda muňa degişli däldir), şeýle hem döwletde kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilen we dolanyşykda duran banknotlar;
    • banknotlar, gazna biletleri  we şaýy pul görnüşindäki, şol sanda gymmat bahaly metallardan ýasalan pul belgileri (dolanyşykdan aýrylan ýa- da aýrylýan, emma dolanyşykda duran pul belgilerine çalşylmaga degişlilerini hem  goşmak bilen), şeýle-de döwletde (döwletler toparynda) kabul edilen pul birliklerindäki, şeýle hem erkin ýörgünli daşary ýurt puly ýa-da hasaplaşyk birliklerindäki bank hasaplarynda (goýumlarynda) duran serişdeler;
    • gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar, şeýle hem olardan öndürilen önümler.
  15. Haýwanlar we ösümlikler:
    • seýrek duşýan haýwanlar we olaryň ýitip gitmek howpy astynda duran görnüşleri;
    • Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlar, ösümlükler hem- de olaryň bölekleri;
    • sugunlaryň şahlary, toýnaklary, buýnuzy we derisi;
    • ylmy we tejribe barlag işlerini alyp barýan ylmy barlag, tejribe guramalaryň arasynda alyş-çalyş edilýän arylardan, sülüklerden, ýüpek gurçuklaryndan we zyýanly mör-möjekleriň gyryjylaryndan başga janly haýwanlar.
  16. Döwletiň konstitusion gurluşyny ýykmaklyga niýetlenen materiallar:
    • Türkmenistanyň döwlet gurluşyna, bitewiligine, eldegrilmesizligine we onuň çäk bitewiligine kast edýän, konstitusion gurluşyny agdarmak ýa-da zorlukly üýtgetmek, şol sanda ekstremizme, separatizme we beýleki hereketlere çagyryşlary özünde saklaýan materiallar;
    • Döwletiň howpsuzlygyny bozmaklyga, urşa, zorluga, zalymlyga, ýykgynçylyga, durmuş deňsizligine, jynsparazlyga, milletparazlyga, dini, gatlak, jynsy artykmaçlyga, zorluga we ahlaksyzlyga çagyrýan wagyz edýän materiallary, neşirler, şekillendiriş materiallary, kino, foto-audio we wideo materiallar;
    • Türkmenistanyň syýasy we ykdysady bähbitlerine, onuň döwlet howpsuzlygyna, ilatyň saglygyna we ahlagyny gorap saklamaga zyýan ýetirip biljek maglumatlar bolan, çap edilen we audiowizual materiallar, beýleki habar beriş materiallar;
    • goralýan döwlet, gulluk we täjirçilik syrlary bolan maglumatlar;
    • bihaýaçylykly hereketleri wagyz edýän, hukuk kadalarynyň bozulmalaryny amala aşyrmaga meçew berýän, ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesine, milli däp dessurlarymyza ters täsir edýän, ot açýan we sowuk ýaraglary, partlaýjy jisimleri, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, prekursorlary, akyl-huşa täsir edýän maddalary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary hakynda maglumatly materiallar;
    • bikanun harbylaşdyrylan birleşikleri döretmäge, jemgyýetiň arasynda terrorçylygy aklamaga, milli mertebäni kemsitmäge, adamyň mertebesini kemsidýän maglumatlary we pornografiýany ýaýratmak, terrorçylygy, urşy, zorlugy we ýowuzlygy wagyz etmek, jynsy deňsizligi, milli, dini we sosial ýigrenç döretmäge çagyryş etýän materiallar;
    • derbi-dagyn etmek, otlamak, emlägi ýok etmek, ok atýan ýaragy, partlaýjy maddalary ýa-da ýaryjy serişdeleri ulanmak, şeýle hem häkimiýet wekiline ýaragly garşylyk görkezmek bilen utgaşdyrylýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleri guramaga we etmäge gönükdirilen materiallar;
    • adamyň we raýatyň haýsy millete degişlidigi, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk hem wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy garaýşy, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi bilen baglanyşykda onuň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaga ýa-da çäklendirmäge gönükdirilen materiallar;
    • aldaw, haýbat atmak, galplaşdyrmak ýoly bilen raýatyň saýlaw we sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarynyň erkin amala aşyrylmagyna päsgel bermäge ýa-da ses bermegiň gizlinligini bozmaga, şonuň ýaly-da saýlawçylara bermit bermäge ýa-da ony bermäge gatnaşmaga, zorluk ulanmak ýa-da ony ulanmak haýbatyny atmak bilen utgaşdyrylýan döwlet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, saýlaw toparlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini ýa-da gaýry guramalaryň kanuny işine päsgel bermäge niýetlenen materiallar;
    • jenaýaty syýasy, durmuş taýdan, milli, teniniň reňki boýunça ýa-da dini ýigrençden ýa-da duşmançylykdan ýa-da beýleki adamlaryň kanuny hereketleri üçin ar almak, şeýle hem başga bir jenaýaty ýaşyrmak ýa-da onuň edilmegini aňsatlaşdyrmaklygy özünde saklaýan materiallar;
    • milletçilik taglymyny wagyz etmäge, şeýle hem ekstremistik guramalaryň nyşanlaryny açyk görkezmäge şeýle-de zorluga we ahlaksyzlyga çagyrýan wagyzlar, neşirler, şekillendiriş materiallary, kino, foto, audio we wideo materiallar;
  17. Beýleki zatlar:
    • öz häsiýeti ýa-da gaplanylyşy boýunça poçtanyň işgärlerine howp salýan, beýleki poçta ugratmalaryny we poçta enjamlaryny hapalap we zaýalap bilýän zatlar;
    • çalt zaýalanýan iýmit önümleri;
    • içki we halkara banderollarda, bahasy goýlan hatlarda we ugratmalarda bukjaly we bukjasyz görnüşdäki hatlary, iberiji we alyjy bolup durmaýan beýleki şahslaryň öz arasynda alyş-çalyş edýän resminamalar we hatlar, şeýle hem kiçi paketlerde we ugratmalarda çap edilen döwürleýin neşirler;
    • getirilmegi ýa-da ulanylmagy bellenilen ýurtda gadagan edilen medeni gymmatlyklar;
    • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilmegi ýa-da ulanylmagy gadagan edilen zatlar.