Bolgar poçtasy türkmen bedewlerine bagyşlanan marka çykardy
30-04-2019

22-nji aprelde Sofiýanyň (Bolgariýa) baş poçta edarasynda "Bolgarpoçtanyň" ýerine ýetiriji direktory Deýan Douneşki we Bolgar-türkmen söwda-senagat palatasynyň wekilleri "Ahalteke bedewi - türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty" atly poçta markasynyň tanyşdyryş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Bolgar poçtasynyň resmi saýty habar berýär.