Türkmenistanly taý boksçulary Dünýä kubogynda 6 medal gazandylar
07-06-2019

Taýboks we garyşyk söweş sungaty boýunça dünýä kubogy ugrunda Ukrainada tamamlanan halkara ýaryşynda Türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Döwran Ataýew 77, taýboks we gatyşyk sport görnüşi boýunça federasiýanyň türgeni Batyr Baýramgeldiýew 65, Arslan Mämmedow 80, Merdan Pirmedow 84, Aşgabat şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Begzada Meredow 70 kilogram agramlarda 1-nji orny eýelediler. Eziz Annaýew 85 kg agramda 2-nji orna mynasyp boldy.

Ýygyndy toparlar arasyndaky netije boýunça Türkmenistan 3-nji orny eýeledi.   https://turkmenportal.com