Türkmenistanly agyr atletikaçy dünýä reýtinginiň ilkinji onlugynda
07-06-2019

Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynyň maglumatlaryna görä, türkmenistanly agyr atletikaçy, 109 kilogramdan ýokary agramdaky ýaryşlara gatnaşýan Hojamuhammet Toýçyýew dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň sanawynda 9-njy orny eýeleýär. Şu ýylyň aprel aýynda Hytaýda geçirilen Aziýa çempionatynda iki görnüşiň jemi boýunça 421 kilogram agyrlygy göteren ildeşimiz bu netijesi bilen sanawyň ilkinji 10 ornunyň birinden paýly boldy. 660 türgeni öz içine alýan sanawda türkmenistanly agyr atletikaçynyň netijelerine ýokary baha berilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Hojamuhammet Toýçyýew sanawyň 6-njy ornundaky belarusly türgen Eduard Ziaziulinden bary-ýogy 2 kilogramy az göterdi. Sanawyň ilkinji üç ornunda bolsa gruziýaly Laşa Talakadze (478 kilogram), onuň watandaşy Irakli Turmanidze (447 kilogram) we ermenistanly Ruben Aleksanýan bar.

Biziň ildeşlerimizden Öwez Öwezow (374 kilogram) 70-nji, Izzatbek Meredow (343 kilogram) 182-nji, Daýanç Aşyrow (330) 226-njy orunda.https://turkmenportal.com