Türkmen konkurçylary Olimpiada - 2020-niň saýlama tapgyryna gatnaşar
07-06-2019

20 - 30-njy iýun aralygynda Podmoskowýeniň MAXIMA PARK atçylyk toplumynda "Tokio tapgyry" atly halkara konkur ýaryşy geçiriler. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu ýaryş indiki ýyl Ýaponiýada geçiriljek OLimpiýa oýunlarynyň çägindäki konkur ýaryşlarynyň saýlama tapgyrlarynyň biridir.

Mundan iki ýyla golaý ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş eden türkmen konkurçylary Podmoskowýedäki ýaryşa hem gatnaşar. Has takygy, C derejeli olimpiýa toparyna girýän 10 ýygyndy Tokio - 2020-ä gatnaşmak üçin göreşer. Biziň ildeşlerimizden başga-da bu ýerde Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Estoniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Ysraýylyň we Polşanyň ýygyndylary bolar. Ýaryşyň ýeňijileriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligi artar.https://turkmenportal.com