Umumy düzgünler:
HAT KORRESPONDENSIÝASY
Içerki hat korrespondensiýasy.
- poçta kartoçkalary
- hatlar
- jogap beriji içerki ýollamalar.
Halkara hat korrespondensiýasy.
- Poçta kartoçkalary.
- Hatlar.
Ibermek üçin kabul edilýän Türkmenistanyň çägindäki ýollamalar Içerki diýilip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň çäginden daşary ibermek üçin kabul edilýän we bir döwletiň üstünden tranzit arkaly gidýän hem-de daşary ýurtlardan gelýän ýollamalar Halkara diýilip atlandyrylýar.
Poçta ýollamalary kabul edileşine,sortlanylyşyna,ýollanylyşyna we gowşurylyşyna laýyklykda kategoriýalara bölünýärler:
- Ýönekeý – iberiji adama kwitansiýa bermesiz kabul edilýär we alyja goly çekdirilmän gowşurylýar.
- Belenilen sargytly- iberiji adama iberendigi barada kwitansiýa berilýär we alyja hakykatdan hem alandygy barada goly çekdirilip gowşurylýar.
- Baha bellenilen poçta ýollamalary- Iberijiniň ýollaýan zadynyň bahasy bellenilýär we poçta aragatnaşyk bölümine açyk ýa-da ýapyk görnüşinde kabul edilýär.
Awia ýollamalar- howa ulagy bilen äkidilýän ibermelere aýdylýar.
Aýaratyn iberijiler we alyjylar üçin indiki poçta ýollamalary göz öňüne tutulan.
Hökümet taraplaýyn- ýokary guramalardaky ýolbaşçylar kabul etmek we ibermek üçin gönükdirilen.
Harby taraplaýyn- harby bölümleriň we olaryň sostawlarynyň ibermeleri we kabul etmekligi.
Gulluk ýollamalary- Aragatnaşyk Ministrliginiň we oňa degişli bolan edaralaryň ýollamalary degişlidir.
Goşmaça hyzmatlar – Opis doldyrmak, adreslerini ýazmak we beýlekiler degişlidir.goşmaça hyzmatlat goşmaça tölenýär we poçta aragatanşyk bölümleriniň hemmesinde bolup biler.
BANDEROLLAR WE POSYLKALAR
Içerki poçta ýollamalary.
- Banderol .
- Posylka.
Halkara poçta ýollamalary.
- Banderollar .
- Kiçi paket.
- Posylka.
Poçta ýollamalary kabul edileşine,soltlanylyşyna,ýollanylyşyna we gowşurylyşyna laýyklykda kategoriýalara bölünýärler:
- Ýönekeý – iberiji adama kwitansiýa bermesiz kabul ediýär we alyja goly çekdirilmän gowşurylýar.
- Belenilen sargytly- iberiji adama iberendigi barada kwitansiýa berilýär we bellenilen alyjysyna hakykatdan hem alandygy barada goly çekdirilip gowşurylýar.
- Baha bellenilen poçta ýollamalary- Iberijiniň ýollaýan zadynyň bahasy bellenilýär we poçta aragatnaşyk bölümine açyk ýa-da ýapyk görnüşinde kabul edilýär.
Poçta ýollamasynyň onuň kabul ediliş kwitansiýa nomerinden we belgi identifikatoryndan (jemi :13-sany belgiden ýagny 9- sany sandan we 4-sany harpdan durýar) onuň ýerleşýän ýerini gözleg arkaly anyklap bolar.
Awia ýollamalar- howa ulagy bilen äkidilýän ibermelere aýdylýar.
Goşmaça hyzmatlar – ilat üçin poçta ýollamalarynyň gaplamasy,posylkalaryň üstüne ýelmenýän blankalaryň doldurylmasy, düzüminiň opisi, adres doldurylmasy goçmaça hyzmatlardan ybaratdyr we bular aragatnaşyk bölümleriniň hemmesinde bolup biler.
